default_mobilelogo



Filologiýa fakulteti  80 ýaşan Uniwersitetiň özi bilen ýaşdaş fakultetdir.
1940-nji ýylda ilki belorus dili soňra rus dili edebiýaty bölümine hem kabul ediş yglan edildi. Soňra bu bölümler edebiýat fakulteti döredilende başlangyç esas bolup durdy. Bu günki gün filologiýa fakulteti – bu  Grodnanyň Ýanka Kupala adyndaky  Uniwersitetiniň iň uly fakultetleriniň durnukly, ýokary enjamlaşdyrylan , maddy-tehniki we güýçli okuw usullary bolan merkezdir. Öz däplerimizi saklap biz geljege uly ynam bilen garaýarys.
Biz üýtgäp duran zähmet biržasyny dykgat bilen synlap, uniwersitetiň uçurumlarynyň diňe bir bilim ulgamynda bolman,eýsem, döredijiligiň beyleki ugurlarynda hem gerekli bolmagy uçin elimizden gelenini edýaris. Bu aladalarymyz fakultetiň abraýyny has ýokary galdyrdy.
Grodnanyň Ýanka Kupala adyndaky Uniwersitetiniň filologiýa fakultetinde bilim almak iň bir ýokary hilli bilim almakdyr. Munuň şeýledigne biziň yurdumyzyň şeýle hem daşary ýurtdan gelyän abiturentleriň akymy hem güwä geçyändir.
Daşary ýurtly studentleri taýýarlamakda biz öňdebaryjydyrys. Russiýa , Litwa, Hytaý, Turkiýe, Awstriýa, Türkmenistan-raýatlary ýokary bilim alýan ýurtlaryň diňe bir doly däl sanawydyr.
Bu günki gün filologiýa fakulteti- rus, belorus, slawýan filologiýasynyň döwrebap ugurlary bolan: işjeň kommunikasiýa; rus dili- daşary ýurt edebiýat- redaksiýa döredijiligi; kompýuter üpjünçiligi ýaly ugurlar boýunça hünärmen taýýarlaýjy merkezdir. Biz ýurdyň iň öňdebaryjy ýokary okuw jaýy bolup, “ Döwrebap daşary ýurt dilleri” hünäri boýunça : iňlis, nemes, fransuz, polýak, ispan, italýan dillerini çuňňur bilýan hünärmenleri  taýýarlamagy amala aşyrýarys.
Fakultetimiziň daşary ýurtly okuw jaýlary bilen ysnyşykly halkara iş gatnaşyklary, biziň studentlerimize daşary ýurtlarda iş öwrenmek saparlary- okuwy kamilleşdirmek boyunça çalşyp okamaga juda uly mümkinçilikler berýar. Şoňa görä biziň uçurumlarymyz diňe bir okuw klaslarynda ýa-da student auditoriýalarynda gerekli bolman, eysem, döwlet edaralarynda hem iň bir gerekli hünärmenlerdir.
 
                               Gadyrly abiturent!
 
Filologiýa fakultetiniň hünär köpugurlylygy size hünär saýlamak islän ugurlaryňyzy saylamak üçin giň ýol açýar!

Местоположение Yandex

Полезные ссылки